Taryhy ençeme müňýyllyklara uzap gidýän türkmen halky adamzat medeniýetiniň
ösüşine özüniň saldamly goşandyny goşdy. Türkmen halkynyň taryhynyň gadymy bolşy ýaly,
onuň şygryýet dünýäsi hem gadymy we baýdyr. Taryhyň dürli döwürlerinde ýaşap geçen
türkmen şahyrlary dünýä edebiýatynyň taryhynda uly orun eýeläpdirler. Türkmen halkynyň
şygryýet dünýäsi hakynda gürrüň edilende özüniň çuňňur manyly, sada hem düşnükli şygyrlary
bilen öz döwrüni ýagtyldan, türkmen şygryýetiniň kämilleşmegine, türkmen çeper diliniň
ösmegine saldamly goşant goşan şahyr Magtymguly Pyragy göz öňüňde janlanýar.
Bölüm | Tanıtımlar |
---|---|
Yazarlar | |
Yayımlanma Tarihi | 15 Mart 2017 |
Gönderilme Tarihi | 15 Mart 2017 |
Kabul Tarihi | 15 Mart 2017 |
Yayımlandığı Sayı | Yıl 2017 Cilt: 6 Sayı: 1 |